Gadym zamanda, Köneürgençde bir patyşa agalyk edýän wagtynda, onuň üstüne bir güýçli duşman çozýar. Ol ýagy şäher halkyndan goluna düşenlerini öldürýär, ilatyň galanlary bolsa çöle-guma gaçyp çykypdyrlar. Onsoň bäş-alty günden soň iki tarapyň arasynda ýaraşyk bolup, gaçanlara indi «jaýlyjaýyňyza geliň» diýlipdir. Öýüni-ilini taşlap gidenleriň hemmesi jaýly-jaýyna gaýdyp başlapdyrlar.